Göllibaý bu

Berklik
Nepislik
Ygtybarlylyk

Hojalyk Jemgyýeti ýaşaýyş we beýleki maksatly iň häzirki zaman binalaryny dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen utgaşdyryp gurluşyk işlerini amala aşyrýan we gurluşyga degişli bolan plastmassa-beton önümlerini öndürýän öňdebaryjy kärhanalaryň biridir.

Iş başarnyklary ýokary bolan bu kärhanada kämil hünärli, öz işlerine ussat işçi-hünärmenleriň 100-den gowragy işleýär. Bu ýerde zähmet we durmuş şertleriniň ýokary derejesi üpjün edilendir.Zawodyň önümçilik ulgamynda ornaşdyrylan kämil enjamlar we gurluşyk işlerini sanly ulgama geçiren innowasion tehnologiýalar iş prosessini sözüň doly manysynda ýeňilleşdirýär.

+100

Kanagatly
müşderi

BIZ BARADA

Biziň kärhanamyz 2011-nji ýylyň Fewral aýynyň 3-inde esaslandyryldy. Şol günden bäri kärhanamyz ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýokary derejeli gurluşyk işlerini dowam edýär. Bizi beýlekilerden tapawutlandyrýan esasy aýratynlyklarymyzyň biri netijelilikdir.

Häzirki wagtda kärhanamyz islendik ýaşaýyş we başga maksatly binalary gurmak we abatlamak, şol sanda: ýaşaýyş jaýlarynyň ähli görnüşleriniň, kottejleriň we köp öýli jaýlaryň, binalarynyň, zawodlaryň, fabrikleriň, sehleriň we beýleki administratiw binalaryň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, ylmy edaralaryň, medeniýet öýleriniň, teatrlaryň, hassahanalaryň, ofisleriň, restoranlaryň, dükanlaryň, myhmanhanalaryň, söwda we dynç alyş merkezleriniň, sport desgalarynyň, köp gatly maşyn duralgalarynyň, ammarlaryň, dini ymaratlaryň gurluşygyny amala aşyrmaga ukyplydyr.

dikeltmek işleri hem biziň kärhanamyzyň esasy wezipeleridir. Kärhanamyzda birnäçe tapawutly gurluşyk ugurlary hereket edýär, ýagny olar: plasmassadan gurluşykda ulanylýan önümleriň önümçiligi, harytlyk betonyň hem-de sementiň we gips önümleriniň önümçiligi, alýuminden we alýumin ergininden gurluşyk gurnamalarynyň we önümleriniň önümçiligi, meýdany gurluşyga taýýarlamak, poluň we diwaryň ýüzine örtgi tutmak we beýleki ýörite gurluşyk işlerinden ybaratdyr. Şoňa laýyklykda hem bu ýerde jemi 100-den gowrak işgär dürli ugurlar boýunça zähmet çekýär.

Önümlerimiz

Berk polat önümleri

1

Dürli görnüşli panel önümleri

2

Ýokary hilli faner önümleri

3

Häzirki zaman aýna we gapy önümleri (plastikden)

4

1

Berk polat önümleri

Dürli görnüşli panel önümleri

Ýokary hilli faner önümleri

Häzirki zaman aýna we gapy önümleri (plastikden)

GALEREÝA

Daşoguz welaýat, S Türkmenbaşy etraby, 160 orunlyk orta mekdep

Daşoguz welaýat, S Türkmenbaşy etraby, 160 orunlyk orta mekdep

Daşoguz welaýat, Akdepe etrap, 320 orunlyk orta mekdep

Sertifikatlarymyz

HABARLAŞMAK ÜÇIN