×
Baş SahypaBiz BaradaÖnümlerimizHabarlaşmakSebet
TKM РУС ENG

"7 Gün" tebigy içgileriň önümi

Biz Barada

“Ak Ýaprak” H.J tebigy hoşboý ysly şireleri öndürýän hususy kärhanadyr. Biz size amatly bahadan, ýokary hilli “7 gün” tebigy hoşboý ysly şireleriň dürli görnüşlerini we “Içäý” sowuk çaýlaryny hödürleýäris. Mundan başga-da, biziň kompaniýamyz “Laktalis” süýt önümleriniň we “President” mesge ýaglarynyň Türkmenistandaky ýeke-täk dileri bolup çykyş edýär.

“Ak Ýaprak” hojalyk jemgyýeti 2010-njy ýylyň 24-nji oktýabrynda esaslandyryldy. Kompaniýanyň Baş direktory Merdan Mämmetsähedow, baş direktoryň orunbasary Döwlet Artykow.

2014-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Baharly etrabynyň golaýyndaky Sünçe obasynda “7 gün” tebigy hoşboý ysly şireleri öndürýän zawodyň açylmagy“Ak Ýaprak” hojalyk jemgyýetiniň ösüşinda taryhy etap boldy.

Indi birnäçe ýyl bäri üstünlikli iş alyp barýan bu kompaniýanyň öndürýän önümleri Türkmenistanyň dürli künjeklerinde uly isleg bildirilýän harytlara öwrüldi.

Telekeçilikde ýokary netijeler gazanan “Ak Ýaprak” H.J. daşary ýurduň iri kompaniýalary— Marine Trade FZE, Lether Group Lp, Tetra Pak, Lactalis, Dohler bilen hyzmatdaşlyk saklap, baý tejribe toplaýarlar..

Häzirki wagtda Hojalyk jemgyýetinde 88 adam zähmet çekip, onuň dolanyşygynda:
• Aşgabat şäheriniň golaýyndaky ammarlar;
• Aşgabatdan 100 km uzaklykda ýerleşýän tutýan meýdany 5gektar şire öndürýän zawod;
• TetraPak şire we alkogolsyz içgileri öndürýän önümçilik ugry;
• Suwy arassalaýan we filtrleýän ulgam;
• Elektrik energiýasy bilen özbaşdak üpjün ediji ulgam;
• Ýük ulaglarynyň (Mitshubishi, Nissan, MAH-15 sany) awtoduralga;
• Ýükleýji we daşaýjy ulaglar;
• Sowadyjy ammarlar we enjamlar bar.

Sertifikatlarymyz

Habarlaşmak

Powered by Caspy Creative